2025-nji ýylyň 24 – 28-nji sentýabry aralygynda Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Aşgabat» köpugurly stadionynyň sport zalynda Atletika sportynyň Armwrestling-Pauerlifting görnüşi boýunça Türkmenistanyň Çempionaty geçirildi. Bu ýaryşyň 25-nji sentýabry gününde, sagat 09:00-dan sagat 10:30-a çenli Atletika sportynyň pauerlifting görnüşi boýunça aýal-gyzlaryň arasynda – 40 kg, 43 kg, 47 kg, 52 kg, 57 kg, 63 kg, 72 kg, 84 kg, +84 kg agram derejelerinde, 26-njy sentýabry gününde sagat 09:00-dan sagat 10:30-a çenli Atletika sportynyň pauerlifting görnüşi boýunça erkekleriň arasynda 48 kg, 53 kg, 59 kg, 66 kg, 74 kg agram derejelerinde, 27-nji sentýabry gününde sagat 09:00-dan sagat 10:30-a çenli Atletika sportynyň pauerlifting görnüşi boýunça erkekleriň arasynda 83 kg, 93 kg, 105 kg, 120 kg, +120 kg agram derejelerinde, 28-nji sentýabry gününde bolsa sagat 09:00-dan sagat 10:30-a çenli Atletika sportynyň armrestling görnüşi boýunça aýal-gyzlaryň arasynda – 50 kg, 55 kg, 60 kg, 65 kg, 70 kg, 80 kg, + 80 kg agram derejelerinde, erkekleriň arasynda 55 kg, 60 kg, 65 kg, 70 kg, 80 kg, 85 kg, 90 kg, 100 kg, 110 kg, +110 kg agram derejelerinde çykyşlar edildi.
Paýtagtymyzda geçirilen Atletika sportynyň Armwrestling-Pauerlifting görnüşi boýunça Türkmenistanyň Çempionatyna Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň türgenleri gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, bu gezekki Çempionatda Mary şäherinde ýerleşýän 7-nji sport mekdebimiziň türgenleri hem üstünlikli çykyş etdiler. Sport mekdebimizde Atletika sportynyň pauerlifting görnüşi boýunça tälimçi mugallym Aleksandr Isaýewiň taýýarlan türgenleri Nadežda Kompandýes 1-nji orna, Mekan Aşyrdurdyýew 3-nji orna, tälimçi mugallym Ýusup Gurbanowyň taýýarlan türgeni Allaberdi Nerow 2-nji orna mynasyp boldy.
Aleksandr Isaýew,
Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy, Milli derejeli emin.



