Arap we pars dillerinde ýazylan orta asyr ýazuw çeşmelerinde Merw barada gymmatly maglumatlar
berilýär. Onuň orta asyrlardaky ýagdaýy barada bu şähere gelen arap, pars alymlary Istahry, Makdisi, Ýakut
Hamawy, Ibn Esir we beýlekiler öz işlerinde ýatlapdyrlar. Bu şäher barada aýratyn köp maglumatlary IX-X
asyrlaryň geografik arap ýazuw çeşmelerinde tapmak bolýar. Mysal üçin, dünýäniň köp ýurtlaryna, şol
sanda Eýrana, Merkezi Aziýa, Hindistana we Hytaýa syýahat eden IX asyryň meşhur arap taryhçysy we
geografy al-Ýakubyň «Kitap al-Buldan» («Ýurtlar hakynda kitap») atly işinde Merw barada gymmatly we
täsin maglumatlar bar. Ol Merwiň Horasanda iň meşhur şäherdigi barada ýazýar.
Türkmenabatda Köýtendagyň täsin tebigatyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Merwiň belli kitaphanalary barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň
ýüregi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Merw kitaphanalary barada arap alymy Ýakudyň: «Men Merwden
çykyp gaýdanymda bu ýerde uly kitaphanalaryň 10 sanysy bardy. Men bütin dünýäni aýlanyp, şular ýaly
baý hem ajaýyp kitaphanalary görmedim … Meniň ol kitaplara bolan söýgim ähli şäherleri ýatdan
çykarmaga mejbur etdi. Olar meniň ünsümi, hatda maşgalamdan we çagalarymdan hem kesä sowýardy»
diýen ýatlamalary mysal getirmek isleýärin». Ýakudyň bu sözleri orta asyryň kuwwatly şäheri bolan
Merwiň at-abraýynyň juda ýokary bolandygyny subut edýär.
Merw Beýik Seljukly türkmenleriň imperiýanyň paýtagty bolmak bilen, ol ep-esli wagtlap musulman
dünýäsinde Bagdatdan soňky ikinji derejeli ylmy we medeni merkez hasaplanypdyr.
Merjen KAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby