Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşyp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda häzirki döwürde oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri, seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesele durnukly gowaçanyň inçe hem-de orta süýümli görnüşlerini döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.
Häzirki wagtda gözel Diýarymyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlarymyzyň irginsiz zähmeti, döwletimiziň goldawy netijesinde, şu ýyl ýurdumyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Bu bolsa obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna gelip, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär.
Kärhananyň hünärmenleri bölümiň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigi üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz barlaghananyň işiniň önümçilik toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidigini, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny aýtmak bilen, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Oba hojalyk toplumynda uly özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwlet bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy