Türkmen sährasynyň jümmüşinde bäş müň ýyllyk şahratly taryhymyzda öçmejek yz galdyran täsin bir gudrat bar: ol gudrat bolsa halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Ahalteke bedewidir. Halkymyz üçin at, köňül nagşy, maşgala agzasy we milli buýsanjyň iň belent nusgasydyr. «Ganatly bedewler» diýlen jümle bolsa ýönekeý bir deňeşdirme däl, eýsem, türkmen atynyň kämil gözelligine we uçar ganata deňelýän çalasyn tizligine goýlan belent sarpadyr.
Türkmen bedewi asyrlaryň dowamynda tebigat bilen ynsan zehininiň sazlaşygyndan dörän sungat eseridir. Gadymy döwürlerden bäri «Suwasty atlaryň nesli» hasaplanýan bu bedewler, Hytaý taryhy çeşmelerinde «Asman atlary» hökmünde bellenilipdir. Olaryň gursagyndaky giňlik, aýaklaryndaky çalasynlyk we boýunlaryndaky owadanlyk türkmen sährasynyň erkin ruhuny alamatlandyrýar. «At — türkmeniň ganaty». Diýmek, türkmen halky özüniň beýik maksatlaryna, taryhy ýeňişlerine we medeni belentliklerine hut şu ganatlaryň kömegi bilen ýetipdir.
Ahalteke bedewini beýleki atlaryndan tapawutlandyrýan iň uly aýratynlyk — onuň ynsan bilen ruhy baglanyşygydyr. Atşynaslaryň belleýşi ýaly, türkmen bedewi öz eýesiniň her bir sözüni, hatda dem alyşyny hem duýýar.
Inçelik we berklik: Bedewiň inçe aýaklary we gysga tüýli deri gurluşy ony dünýäniň iň owadan atyna öwürýär.
Altyn öwüşgin: Günüň şöhlesine öwüşgin atýan mele, gyr we dor atlaryň reňki jadyly bir dünýäni ýada salýar.
Wepalylyk: Türkmen bedewiniň wepalylygy hakyndaky rowaýatlar, onuň öz eýesi üçin janyndan geçmäge taýýarlygynyň subutnamasydyr.
Häzirki ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galknyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň parasatly ýolbaşçylgynda Türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde dabaraly bellenilip geçilýär. Bu diňe bir baýramçylyk däl-de, eýsem, ata-babalarymyzdan miras galan seýisçilik sungatyny täze belentliklere götermekdir. Türkmenistanyň döwlet gerbinde Ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmegi, halkymyzyň öz taryhy köklerine, milli däp-dessurlaryna bolan sarpasynyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan aşyp gelýän taryhy ýoly edermen pederlerimiziň we olaryň iň ýakyn hemrasy bolan bedew atlaryň sarsmaz dostlugy bilen bitewüdir.
At çapyşyklary, gözellik bäsleşikleri we sirk oýunlaryndaky ajaýyp çykyşlar dünýäni haýrana goýýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki atçylyk toplumlaryndan başlap, ýurdumyzyň her bir künjegindäki döwrebap atçylyk desgalary ganatly bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dowamatydyr.
Ganatly bedewler — biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir. Olar türkmen topragynyň bereketi, türkmen ýigidiniň wepaly ýoldaşy we her bir türkmen ojagynyň bezegidir. Goý, asman atlarynyň dükürdisi türkmen sährasynda baky ýaňlansyn, olaryň şöhraty dünýäniň dört künjegine ýaýrasyn! Şu ajaýyp baýram günlerinde bütin türkmen halkymyza bedew atyňky ýaly sagdyn jan, onuň gözlerindäki ýaly dury hem päk arzuwlar, maksatlaryna ýetmekde bedew bady ýaly çalasyn tizlik we durnukly ösüşler arzuw edýärin. Goý, türkmen sährasynda bedewlerimiziň dükürdisi hiç wagt egsilmesin, köňülleriňiz bolsa hemişe şatlykdan we buýsançdan doly bolsun!
Tawus Muhadowa
Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebiniň
sambo boýunça tälimçi mugallymy.



