Her birimiz üçin watan söýgüsi iň uly ruhy gymmatlykdyr. Ýurdumyzyň bagtyýarlyk ýolunda, biz üçin iň gymmatly baýlyk – Garaşsyzlygymyzdyr. 1991-nji ýylda gazanylan Garaşsyzlygymyz bilen, halkymyz täze bir döwri başlady, täze mümkinçilikler açyldy we biziň her birimiz üçin ertirki günüň ynamly bolmagyna bolan umyt güýçlendi. Şu ýyl, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, biz üçin diňe bir baýramçylyk däl, eýsem geçmişimizi ýatlap, geljegimize ýol açýan uly pursatdyr.
Garaşsyz döwlet bolmak –halkyň öz durmuşyny, bilimini, ykdysadyýetini we medeni mirasyny ösdürip bilmegi, geljek nesiller üçin berk binýady döretmegi aňladýar. Biziň eziz ýurdumyz geçen ýyllar içinde uly ösüşleri başdan geçirdi. Oba hojalygyndan başlap, ylym we tehnologiýa ugurlaryna çenli her bir pudak ösüşiň täze sahypasyny açdy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy, pähim-paýhasy we eziz Watanymyz üçin eden bimöçber işleri bilen baglanyşyklydyr.
Garaşsyzlygymyz bize diňe hukuk we azatlyklary bermedi, eýsem watansöýüjilik ruhuny hem güýçlendirdi. Biziň her birimiz üçin bu parahat ülkämizi gülläp ösdürmek, onuň ösüşine goşant goşmak we geljegini gurmak mukaddes borçdur. Şu gün, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli künjeginde Garaşsyzlyk baýramy döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýär.
Şeýle-de, Garaşsyzlygymyz bizi dünýäniň ähli ýurtlary bilen has giň aragatnaşyk gurmaklyga itergi berdi. Daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklary, ylmy we medeni hyzmatdaşlyklar biziň ykdysadyýetimizi we bilimimizi ösdürýär, ýaş nesilleri has giň düşünjeli, ylymly we bilimli bolmagyna ýardam etýär. Biziň eziz ýurdumyz hem ykdysady taýdan, hem medeni taýdan dünýä derejesinde öz ornuny tapýar.
Garaşsyz diýarym, eziz diýarym! Sende biz ähli doganlyk ruhy, söýgi we ynam bar. Seniň bilen baglanyşykly her pursat, her baýramçylyk biz üçin mukaddes we gymmatlydyr. Şu gün, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli, biz geljek nesiller üçin hem-de öz ösüşimiz üçin täze umytlary, täze maksatlary gurýarys. Geljekde-de biz eziz Diýarymyzy ösdürmäge, onuň bagtyýarlygyny artdyrmaga we dünýä ýüzünde tanadyp görkezmäge dowam ederis.
Selbi Orazmedowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 105-nji toparynyň talyby



