Eziz Diýarymyzda 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ata-babalarymyzyň, hususan-da Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan erkinligi hasyl boldy. Garaşsyzlyk — biziň buýsanjymyz, bagtymyz.
Garaşsyzlyk baýramy — biziň baş baýramymyz. Bu baýram mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny we bitewüligini şöhratlandyrýar. Bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň peşgeş beren bagtyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny ýokary ruhubelentlikde uludan tutýar. Gözümiziň nury, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy uludan bellenilýän ýylda Arkadagly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler günsaýyn artýar, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkeýär.
Eziz Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby