Türkmenistan döwletimiz 34 ýyl mundan ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny öz halkynyň erk-islegine, arzuw-maksadyna laýyk guramagy başardy. Ýurdumyzda başy başlanan beýik özgertmeler halkara derejede ykrar edilen Milli Lideriň häzirki zamanyň görnükli döwlet ýolbaşçysyna mahsus bolan pähim-paýhasyny we öňdengörüjiligini tutuş dünýä açyp görkezdi.
Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän syýasatyň baş maksady ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde, kanun çykaryjylygyň iň oňat dünýä tejribesini milli kanunçylyga ornaşdyrmakda, zerur çözgütler esasynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşy bilen dahylly meselelerde ýardam bermekde, durnukly syýasy institutlary döretmekde jemlenýär.
Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bilelikdäki iri halkara taslamalar, oňyn başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagy we halkara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmegi, ilkinji nobatda, ähli gyzyklanýan taraplar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmakda, olaryň durmuşa geçirilmegini goldamakda möhüm gural bolup durýar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.
ÇEMEN KAKAÝEWA
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy



