Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn ösüşler bilen barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň başynyň täji bolan mukaddes Garaşsyzlyk umumy ykrar edilen mizemez ýörelgedir. Garaşsyz döwlet bolmaklyk ykbalyňy erkin kesgitlemekdir.
Ýurdumyzda 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň, hususan-da Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan erkinligi hasyl boldy. Döwlet özygtyýarlylygymyzyň milli ýörelgeleri Konstitusiýamyzda hem öz beýanyny tapýar. Belli bolşy ýaly, 33 ýyl mundan ozal erkinligi, özygtyýarlygy baýdak edinen halkymyz bu gün bereketli türkmen topragynda Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar, döredýär. Bitarap döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek maksady bilen öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.
Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Maksat ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti
(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby