Her bir halkyň taryhynda unudylmajak, ýüreklerde baky ýaşaýan mukaddesligi bolýar. Biziň halkymyz üçin şeýle bagtyýar gün – 27-nji sentýabr, ýagny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni. Bu şanly sene halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan arzuwynyň hasyl bolan güni, mukaddesligimiziň beýanydyr. Şu gün bolsa biz, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny baýram edýäris.
Garaşsyzlyk – halkyň ömrüniň manysy, beýik döwletimiziň bagtyýar binýadydyr. Ol diňe bir döwlet derejesindäki hukuk däl, eýsem halkyň öz ykbalyny özi kesgitlemek, öz ýoluny özi saýlamak, milli ruhuny gorap saklamak diýen beýik ýörelgesidir.
Türkmen halkynyň baý taryhy, Magtymgulynyň, Döwletmämmet Azadynyň, şahyrlaryň hem pähimdar pederlerimiziň arzuw eden döwleti – Garaşsyz Türkmenistan bolup, bu gün dünýäniň öňünde beýik rowaýata öwrüldi. Garaşsyzlyk bize beýik bagtyýarlygy, milli buýsanjy, dünýäde mertebä eýe bolmagy peşgeş berdi.
Ýurdumyzyň ähli ösüşleri, döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleri, ylym-bilim, sport, medeniýet, ykdysadyýetdäki üstünliklerimiziň bary Garaşsyzlygyň rowaçlandyran miwesidir.
Şonuň üçin-de Garaşsyzlyk – diňe bir taryhy waka däl, ol halkymyzyň beýik ruhunyň beýany, Watanyň şan-şöhratynyň alamaty, geljege ynamyň tükenmez çeşmesidir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz döwrüň ösüşlerine laýyklykda öňe barýar, ýurdumyzyň ady dünýä ýüzünde belentden ýaňlanýar. Geljek nesillerimiziň bagtyýar ýaşaýşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi Garaşsyzlygyň ömürlik berýän baýlygydyr.
Her bir türkmen ogly-da, gyzy-da şu şanly güne guwanýar, bu mukaddesligiň öňünde başyny egýär. Sebäbi Garaşsyzlyk – Watanyň mertebesi, halkyň kalbynyň joşguny, nesilleriň bagtyýar geljegidir!
Omarowa Mähri,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby



