Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň, halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli parahatçylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw ýaly ýörelgelerini tutuş dünýäde dabaralandyrmaga ýene-de täze mümkinçilikleri açdy. Çünki bu asylly ýörelgeler döwlet syýasatymyzyň hem esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Dünýäniň belent münberinden yglan edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy tutuş dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy ündeýän, dünýä halklaryny bagtyýarlyga çagyrýan beýik taglymatdyr. Hut şonuň üçin hem dünýä jemgyýetçiligi döwletimiziň Bitaraplygyna uly gyzyklanma bilen garap, ýurdumyz bilen özara dostluk köprülerine gurmaga aýratyn gyzyklanma bildirýär.
Geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygynyň barha ösýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Döwletimiz özüniň ynsanperwerlik syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen sebit we bütindünýä ähmiýetli syýasy we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn orun berýär. Bu hakykata biz Milli Liderimiziň başlangyjy bilen dünýä döwletleriniň arasynda has giň gerime eýe bolýan energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda, azyk howpsuzlygy we ekologiýa abadançylygy ýaly möhüm ugurlaryň mysalynda has aýdyň göz ýetirýäris. Ýene-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň tutuş dünýäde abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda agzybir türkmen halky ýene bir senäni — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny uludan baýram eder. Eýýäm ýylyň başyndan bäri bu ýubileý baýramyny mynasyp bellemek bilen birlikde halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerini tutuş dünýäde dabaralandyrmak ugrunda giň gerimli işlere badalga berildi. Aýratyn hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň ähmiýetini ýokarlandyryp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrar. Ata Watanymyzy parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barmakda giň gerimli işleriň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň we şol beýik işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli elmydama işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.



