2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has hem giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Parahatçylyk we ynanyşmak möhüm orna eýe bolup, bu gymmatlyklar agzybirligiň, abadançylygyň kepilidir. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň maksady ynsanperwerligi giňden ýaýratmakdyr. “Ynanyşmak” adalgasy birek-biregiň hereketine, sözüne ynanmagy, dogruçyllygy we ynsaplylygy aňladýar.
Şunlukda, parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň asuda geljegini üpjün etmek üçin özara berk baglanyşykly has gymmatly düşünjeler bolup, döwletleriň we halklaryň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň, şeýle-de ösüşiň esasy ýörelgesine öwrülýär.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” we “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň Bitarap döwletimize bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Gadam Seýliýew,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby