Belgiýanyň Flanders Make ylmy-barlag institutynyň hödürlän howadan hasylyň mukdaryny sanamaga ukyply “akylly” drony öndürijilere hasylyň mukdaryny has takyk çaklamaga mümkinçilik berer.
Emeli intellektiň, kameralaryň we datçikleriň kömegi bilen dron miweleriň sanyny kesgitläp biler we hatda ammarlarda sanaw ýazmaga kömek edip biler. Enjam ýertudana önümçiliginde synag edildi. Dronyň işlenip düzülişine gatnaşan alym Rob Haýleniň aýtmagyna görä, ýörite algoritm ulanyp, gülleýän ýertudana gülleriniň howa suratlaryny alyp, görünýän gülleriň we miweleriň sanyny sanap bildiler. Synagyň dowamynda ýalňyşlygy kesgitlemek üçin hakyky gülleriň we dron tarapyndan “görlenleriň” el bilen sanalyp barlamak işleri geçirildi.
Bu tehnologiýa ammarlardaky ätiýaçlyklary barlamak üçin ulanylyp bilner. “Flanders Make” IMEC bilen bilelikde 4m / s tizlikdäki ammar tekjesinden uçup, gutulardaky QR kodlaryny okaýan dron döretmek üçin birleşdi. Şeýlelik bilen, bary-ýogy birnäçe minutda tutuş geçelgäniň sanawyny alyp biler. Alymlar, emeli intellekt tehnologiýasy dronlaryň doly özbaşdak işlemegine, ýygnan suratlaryny özbaşdak seljermäge we öndürijä hasabat bermäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.
Häzirki wagtda dünýädäki alymlar oba hojalygyna kömek etmek üçin dronlary taýýarlaýarlar. Kompýuter tehnologiýasynyň çalt depginler bilen ösmegi we neýrotorlaryň täliminiň netijesinde uçýan enjamlar ekilen ösümlikleriň “gök massasyny”, ekinlere keselleriň köpçülikleýin ýokaşmagynyň öňüni almak, daşky görnüşinde üýtgeşmeleriň bardygyny we gowy ösmegi üçin howa parametrleriniň gatnaşygyny kesgitlemäge ukyplydyr.
Sewara Muzaffarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby