Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň ösüşi maliýe gatnaşyklarynyň mazmunyna we guramaçylyk görnüşlerine düýpli täsirini ýetirýär. Maliýe ulgamynyň sanlylaşmagy netijesinde töleg amallary has tiz, amatly we howpsuz häsiýete eýe bolup, ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligi ýokarlanýar. Şu nukdaýnazardan onlaýn töleg ulgamlary häzirki zaman maliýe gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.
Onlaýn töleg ulgamlary maliýe serişdeleriniň elektron görnüşinde geçirilmegini üpjün edip, ykdysady subýektleriň arasynda hasaplaşyklary ýeňilleşdirýär. Şeýle ulgamlaryň ulanylmagy nagt pul dolanyşygyny azaltmaga, töleg amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga hem-de maliýe akymlaryna gözegçiligi güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý maliýe gatnaşyklarynda tertipliligi we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň ykdysady ösüş strategiýasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň sanly görnüşde hödürlenmegi, onlaýn töleg platformalarynyň ornaşdyrylmagy hem-de elektron hasaplaşyk mümkinçilikleriniň giňeldilmegi maliýe gatnaşyklarynyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ilatyň we hojalyk subýektleriniň onlaýn töleg hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň artmagy ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine şert döredýär.
Onlaýn töleg ulgamlary kiçi we orta telekeçiligiň ösüşinde hem möhüm orun eýeleýär. Telekeçiler üçin tölegleri uzak aralykdan kabul etmek, müşderiler bilen çalt hasaplaşyklary amala aşyrmak we hyzmatlaryny sanly gurşawda hödürlemek mümkinçiligi döredilýär. Bu bolsa bazar gatnaşyklarynyň giňelmegine, täze ykdysady baglanyşyklaryň döremegine hem-de telekeçilik işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Şeýle hem onlaýn töleg ulgamlarynyň giňden ulanylmagy ilatyň maliýe hyzmatlaryna bolan elýeterliligini artdyrýar. Bank edaralaryna barmadan tölegleri amala aşyrmak, dürli hyzmatlar üçin elektron görnüşde hasaplaşmak mümkinçiligi ilatyň wagt we serişdelerini tygşytlamagyna şert döredýär. Bu ýagdaý jemgyýetde maliýe medeniýetiniň ýokarlanmagyna hem-de sanly maliýe gatnaşyklarynyň kemala gelmegine itergi berýär.
Onlaýn töleg ulgamlary häzirki zaman maliýe gatnaşyklarynyň ösüşini üpjün edýän möhüm gural hökmünde çykyş edýär. Olar maliýe amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ykdysady durnuklylygy berkitmäge, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge we jemgyýetde döwrebap maliýe gatnaşyklaryny kemala getirmäge uly goşant goşýar. Şonuň üçin hem onlaýn töleg ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek we olaryň ulanylyşyny giňeltmek milli ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Gülşat Şirmedowa,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy



