Häzirki wagtda IT, web-işläp düzmek, SMM, dizaýn we e-söwda ýaly ugurlaryň ösmegi bilen, ýokary hilli internet diňe bir güýmenje däl, eýsem esasy iş guralyna öwrüldi. Türkmenistan hem dünýä meýillerine eýerip, hünärmenlere we raýatlara aragatnaşyk çykdajylaryny tygşytlamaga hem-de hemişe onlaýn bolmaga mümkinçilik berýän täze çözgütleri hödürleýär.
Ine, «TM CELL» we «TELECOMWIFI» tarapyndan hödürlenýän mümkinçilikler:
«TM CELL»: Ykjamlygy halaýanlar üçin
«Altyn Asyr» ÝGPJ (TM CELL), smartfon arkaly işläp, ykjamlygy ileri tutýan ulanyjylar üçin amatly internet bukjalaryny hödürleýär. Aýratyn hem işjeň ulanyjylar üçin niýetlenen 20 GB internet-bukjasy uly meşhurlyga eýedir.
Näme üçin amatly? Bu möçberdäki internet wideo-maslahatlara gatnaşmak, uly göwrümli faýllary ibermek we grafiki maketler bilen işlemek üçin ýeterlikdir.
Nädip birikdirmeli? Bukjany
*0850*200#USSD-koduny aýlamak arkaly sanlyja sekundyň içinde işjeňleşdirip bilersiňiz.
«TELECOMWIFI»: Öýden daşarda çäksiz internet
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy, öýüň ýa-da ofisiň çäginden daşarda durnukly internete mätäç bolanlar üçin «TELECOMWIFI» simsiz ulgamyny giňeldýär. Bu hyzmat, esasanam şäher kofelerinde ýa-da dynç alyş zolaklarynda işlemegi halaýan “frilanserler” we döredijilik işgärleri üçin ideal çözgütdir.
Wi-Fi Hyzmatynyň Elýeterli Nokatlary: Häzirki wagtda ýokary tizlikli Wi-Fi hyzmaty şu ýerlerde hereket edýär:
Söwda merkezleri: «Berkarar», «Arkaç», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy».
Jemgyýetçilik ýerleri: Şäher bazarlary, «Altyn asyr» Gündogar bazary we Aşgabadyň Halkara howa menzili.
Şypahanalar: «Arçman», «Baýramaly», «Mollagara», «Farap», «Daşoguz» we «Bagabat».
Nyrhnamalar we Goldaw
Ulanyjylara amatly bolmagy üçin çeýe nyrh syýasaty ýola goýlan:
Saýlaw mümkinçiligi: 1 sagatlyk, 1 gije-gündizlik ýa-da 1 aýlyk çäksiz internete birigip bolýar.
Ýörite teklip: Şypahanalarda dynç alýanlar üçin 10 günlük ýörite nyrhnamalar göz öňünde tutulandyr.
Hyzmatlar we nokatlar barada has giňişleýin maglumaty resmi saýtdan alyp bilersiňiz. Goşmaça soraglar üçin 071 belgili goldaw gullugy kömek alyp bilersiňiz!
Türkmenistanda sanly infrastrukturanyň ösdürilmegi, her bir ulanyja öz islegine görä internete birikmegiň iň amatly usulyny saýlamaga mümkinçilik döredýär.


