«Akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäher
«Akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň bina edilmegi döwrüň talaplaryndan ugur almak hem-de ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek maksady bilen amala aşyrylan iri taslamadyr. Bu iri möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe işleri durmuşa geçirmegi, onuň gurluşygy bilen ýygy-ýygydan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi şäheriň gurluşygynyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna şert döretdi. Arkadag şäherinde sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni Isa Babaýewiň bu mowzuk bilen adybir makalasynda beýan edilýär.
Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklary
Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklaryndan biri, şäheriň dürli taraplaryna gözegçilik etmek üçin IoT tilsimçeleriniň ulanylmagydyr. Mysal üçin, şäher ulag akymyna gözegçilik etmek we ulag dolandyryşynyň gabyllygy üçin tilsimçeleri ulanýar. Şeýle hem tilsimçeler howanyň hiline we şertlerine gözegçilik edýärler. Bu şäherde howanyň hilini ýokarlandyrmaga we howa hadysalarynyň aşa bolan ýagdaýynda degişli çäre görmäge mümkinçilik berýär.
Şäher energiýa sarp edilişini gowulandyrmak, galyndylary azaltmak we jemgyýetiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin emeli intellekt algoritmlerini ulanýar.
Arkadag şäherinde raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda hem sanly tehnologiýalar giňden peýdalanylýar. Bu ýerde raýatlara döwlet hyzmatlaryna girmegi aňsatlaşdyrýan onlaýn tölegler we elektron hökümet hyzmatlary ýaly sanly hyzmatlar hödürlenýär.
Arkadag şäheriniň ýene-de bir artykmaçlygy durnuklylygy ýokarlandyrmakdyr.
Arkadag şäheriniň ýene-de bir artykmaçlygy durnuklylygy ýokarlandyrmakdyr. Şäher energiýa we suw çeşmeleriniň sarp edilişinde, şeýle hem galyndylary azaltmakda sanly tehnologiýalara esaslanýar. Bu bolsa şäheriň daşky gurşawyny gowulandyrmaga we uglerodyň möçberini azaltmaga ýardam edýär. Geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheri häzirki döwrüň ylmy we tehnologiýa ösüşleriniň gazananlary bilen deň gadam urýar.