KÖNEÜRGENÇ– ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda ýerleşýär. Şäheriň günorta eteginde zaratuştra dininiň kitaby bolan Awestada Gura görnüşinde ýatlanýan Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri, b.e. öň V-IV asyrlarda düýbi tutulan Gürgenç şäheriniň harabalary ýerleşýär. Bu şähere ata-babalarymyz Ürgenç diýipdirler. Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde-de, öz ösen medeniýetini, ylmy, sungaty bilen-de has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä paýtagt bu ýerden göçürilýär. Başga ýerden täze şäher salnyp, oňa hem Ürgenç diýip at goýýarlar. Ilki Ürgenç bolansoň, muňa “öňki, gadymy” manysynda “Köneürgenç” diýip at goýupdyrlar. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra Köneürgenç şäheri we tutuş ülke hakyky, uly ösüşleri başdan geçirýär. 1985-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň karary bilen gadymy Köneürgenji Döwlet taryhy-medeni goraghanasy diýip yglan edildi, onuň arhitektura we arheologiýa ýadygärlikleri bolsa 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.1985-nji ýylda öň şäherçe hasap edilen Köneürgenç şäher derejesine geçirildi. Bu mukaddes ýerlerde XII-XIV asyrdaky beýik binagärlik ýadygärlikleri ýerleşýär.
Türkmenabatda Köýtendagyň täsin tebigatyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasyna Daşgala, Horezmbag, Akgala, Il-Arslanyň ýadygärligi, Töre-beg hanyň ýadygärligi, Gutluk Timuryň minarasy, Ibn Hajyp medresesi, Kerwensaraý ýadygärligi, Mätkerim işanyň medresesi, Pirýarweliniň Aramgähi, Seýit Ahmediň gubury, Soltan Alynyň aramgähi, Daşmetjit ýaly ýadygärlikleri toplumy girýär. Häzir bu şäher iň köp gelim-gidimli mekana öwrüldi. Häzirki wagtda Köneürgenç — uly depginler bilen ösýän häzirki zaman infrastrukturaly şäher. Bu ýerde türkmen hünärmenleri halkara bilermenleri bilen bilelikde, şöhratly şäheriň binagärlerinden galan seýrek mirasy öwrenmek we gorap saklamak boýunça işleri yzygiderli amala aşyryp gelýärler. Türkmenistana gelýän daşary ýurt syýahatçylar Köneürgenjiň taryhy-medeni goraghanasyna uly höwes bilen zyýarat edýärler.
Ogulmaýsa Garaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby