Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna bolan kalsiý öndürýän önümçilik ýola goýlar. Bu baradaky teklibi wise-premýer Ç.Purçekow Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi. Bu önümçilik Türkmenistanyň bazarlaryny ýerli tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanyna ýurduň çäginde gurluşyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ilaty, aýratyn-da, Türkmenistanyň alysdaky sebitlerinde ýaşaýan adamlary iş bilen üpjün etmek maksady bilen, orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň möçberini artdyrmak, döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýlelikde, milli ykdysadyýeti depginli ösdürmek boýunça Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany wise-premýer Ç.Purçekowyň hasabatyny diňläp, Türkmenistanda ýurduň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de Türkmenistanda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.