Küştdepdi – tansy medeniýetiň aýry bir bölegi bolup, ol türkmen halkynyň dünýägaraýşynyň ösüşiniň aýdyň we çeper subutnamasydyr.
Arheologik tapyndylar we ýazuw ýadygärlikleri küştdepdi tansynyň gadym döwürlerde dörändigine şaýatlyk edýär. Gadymy Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan ritonlarda küşt depýänler şekillendirilendigini alymlar belläp geçýär.
Küştdepdi asyrlarboýy kämilleşdirilen, owaz bilen utgaşdyrylan hereket arkaly täze durmuşyň döreýiş çarhynyň müdimiligini, däpleriň ähmiýetini açyp görkezýär. Küştdepdini ýerine ýetirýänleriň joşgunly hereketleri tomaşaçylara ruhy güýç berýär.
Maddy däl medeni mirasy saklap galmak boýunça Hökümetara komitetiniň 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen 12-nji mejlisinde teklip edilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy medeniýetiniň ummasyz ähmiýetiniň ykrar edilmegidir.
Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy