Weather Data Source: wetterlabs.de
Gorogly.com Lebap welaýatynda kazyýet işgärleri üçin edara binasy ulanylmaga berildi

Lebap welaýatynda kazyýet işgärleri üçin edara binasy ulanylmaga berildi

Kazyýet işgärleri üçin edara

Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda kazyýet işgärleri üçin edara binasy açylyp ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen iki gatly edara binasynda kazyýet işgärleriniň zähmet çekmegi üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan.

Lebap welaýatynda dowarlardan 60 müňden gowrak owlak-guzy alyndy

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, kazyýet işgärleri üçin gurlup ulanylmaga berlen edara binasy Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Täze edara binasy häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ol iş otaglaryndan, arhiw üçin otaglarda, mejlisler we maslahatlar zalyndan, şeýle hem «Galkynyş» otagyndan ybaratdyr Bu ýerde raýatlary kabul etmek üçin amatly şertleriň döredilendigini bellemek gerek.

Kazyýet işgärleri üçin gurlup ulanylmaga berlen täze binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bag nahallary oturdylypdyr. Bu ýerde myhmanhana, sport zaly, bag-bakja önümlerini ýetişdirmek üçin ýyladyşhana, awtoulaglar üçin ýöriteleşdirilen duralga berildi.

Habar Türkmenportal.com web saytynda paylaşyldy

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın