Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän şanly ýylymyz — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bu gün ajaýyp wakalara beslenýär. Şanly ýylymyzda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler her birimize şatlyk we begenç duýgularyny paýlaýar.
Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgylary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Magtymguly Pyragy, watançy şahyr hökmünde öz döwrüniň iň möhüm meselesi bolan, türkmen taýpalaryny bitewi güýje öwürmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlar boýy arzuw edilip gelnen halkyň ruhy gymmatlyklaryny öwüt-ündew edýär.
Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň öz beýik oglunyň edebi mirasyna goýýan uly hormatynyň, sarpasynyň nyşanydyr. Nusgawy şahyrlarymyzyň sarpasyny belent tutup, olara hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Orunbaý TAÝLYÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň
20-nji orta mekdebiniň mugallymy