Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda, Köpetdagyň iň bir gözel künjekleriniň birinde Magtymguly Pyragy medeni – seýilgäh toplumynyň we akyldar şahyryň ör – boýuna galan äpet heýkeliniň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň göwün ganatyny goşalandyrdy. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine degişli edebi sazly çykyşlar, sergiler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen Magtymguly Pyragy medeni – seýilgäh toplumy özüniň gözelligi, tämizligi, ajaýyplygy bilen tapawutlanýar.
Akyldar şahyrymyzyň bu ajaýyp heýkeli dünýädäki iň uly ýadygärlikleriň biri bolup, onuň beýikligi 60 metrdir. Bu bolsa, halkymyzyň öz şahyryna nähili belent sarpa goýýandygyny subut edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bagtly nesillerine belentden bakyp duran heýkeli, halkynyň erkanalygyna guwanyp seredýän ýaly duýulýar.
Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri oturdyldy. Olaryň arasynda Saýat Nowanyň, Ýanka Kupalanyň, Du Funyň, Onore de Balzagyň, Şota Rustaweliniň, Iogann Wolfgang fon Gýoteniň, Rabindranat Tagoryň, Ýasunari Kawabatanyň, Raja Ali Hajynyň, Mihai Emineskunyň, Saýido Nasafiniň, Wilýam Şekspiriň, Şandor Petefiniň, Hafyz Şirazynyň, Dante Aligýeriniň, Kurmangazy Sagyrbaýulynyň, Çingiz Aýtmatowyň, Adam Miskewiçiň, Fýodor Dostoýewskiniň, Huan Ramos Himenesiň, Ýunus Emräniň, Grigoriý Skoworodanyň, Lengston Hýuzyň we Alyşir Nowaýiniň heýkelleri oturdyldy.
Ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleri we başlangyçlary elmydama rowana ýolda rowaç bolsun!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby