Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasy ösüşinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda döwletimiz köp sanly halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ähmiýetli işler giňden durmuşa geçirilýär. Bu ugurda, ilkinjileriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet işleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO durýar.
Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri (ÝUNISEF, ÝUNEPA, UNDP, ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilip, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar barha giňeldilýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.
Bu konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna, «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (1999), «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2005), «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2007), “Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi” (2023) ýaly ýadygärliklerimiz girizildi.
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby