Maldarçylyk — oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýar. Adam bedeninde gowy özleşýän we ýokary ýokumlylyk mahsus bolan, ýaşaýyş üçin möhüm et, süýt, ýag, ýumurtga, bal ýaly azyk önümleri mallardan alynýar. Ylmy taýdan esaslandyrylan iýmitlenmegiň kadasyna laýyklykda, ýerine ýetirýän işine görä, uly ýaşly adama günde 67-den 94 grama çenli mal belogy we 91-den 120 grama çenli mal ýagy zerur gerek. Ösümlik beloklary bilen deňeşdirilende adamlaryň iýmitlenmegi üçin mal beloklarynyň gymmaty olaryň has kämil aminokislot düzümi bilen häsiýetlenýär, şuňa görä-de şeýle beloklar gowy özleşýärler we adamlaryň beloklara bolan talabyny doly kanagatlandyrýarlar. Adam üçin zerur witaminler, ýokumly we mineral maddalar etiň, süýdüň hem-de ýumurtganyň düzüminde köpdür. Topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda maldarçylyga uly orun degişli, çünki mallaryň ot-iýmler bilen alýan hemme azodynyň, kalsisiniň, fosforynyň 4/5 bölegi islendik oba hojalyk ekinleri üçin gowy organiki dökün hasaplanýan derse geçýär.
Maldarçylyk oba hojalygynyň esasy pudagy bolup, dokma, gön we senagatyň beýleki pudaklary üçin gymmatly we çig mal hasaplanýan ýüň, deri, bagana, ýelek we başgalary berýär. Bizi et, süýt, ýüň hem-de çig mallaryň beýleki görnüşlerini üpjün edýän bu mallarymyz bolmasa, biziň durmuşymyz garyp we çäkli bolardy. Şeýle bolansoň biz şol mallaryň özümizde mümkin boldugyça köp bolmagyna we olaryň önümleriniň ýokarlanmagyna çalyşýarys.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby