Gadymy Merw şäherleri soňky 2500 ýylyň dowamyna uzalyp gidýär we Merkezi Aziýanyň Ýüpek Ýollarynyň ugrunda iň çylşyrymly we gowy saklanyp galan şäher merkezleriniň birini emele getirýär. Uly şäherleriň yzygiderligi müňlerçe administratorlara, syýasatçylara, esgerlere, alymlara, söwdegärlere we maşgalalara öý bolup hyzmat edipdir. Käwagtlar Merw uly imperiýalaryň paýtagty, käwagtlar söwda, harby we administratiw merkez bolupdyr.
1987-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi Gadymy Merwiň diwar bilen gurşalan şäherlerini we oazisdäki esasy ýadygärlikleri goramak üçin “Gadymy Merw Döwlet Taryhy-Medeni Goraghanasyny” döretmek barada karar kabul edýär. Hazirki döwürde Goraghana tutuş Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän arheologiki we taryhy ýadygärliklere döwlet gözegçiligini amala aşyrýan gurama bolup durýär. Goraghananyň ofisleri Merwiň gadymy şaherleriniň ýanynda (Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň ýakynynda), Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýär.
1972 ýylda BMG-nyň Bilim, Ylym we Medeniýet Guramasy Bütindünýä Medeni we Tebigy Miras Ýerleri Goramak barada Konwensiýa (The World Heritage Convention) kabul edildi. 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň şu Konwensiýasynyň esasynda Gadymy Merw Dünýä Taryhy Miras Ýeri hökmünde yglan edildi. Bütündünýä Mirasyna goşmak üçin zerur nominasiýany taýýarlamaga London Uniwersitet Kollejiniň Arheologiýa Institutynyň Halkara Merw Proýekti we onuň şol wagtky ýolbaşçysy professor Gorgina Herman (Georgina Herrmann) ýardam etdi.
Taýýarlan: Mährijemal Gurbanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy