Türkmeniň dünýä gymmatlygynyň genji-hazynasyna goşan ahalteke bedewi, alabaý iti, nepis halysy, gül keşdeleri altyn-kümüş şaý sepleri, gazma dutary bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr.
Döwletimiz milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esaslaryny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek ugrunda uly tagallalary edýär. Çünki döwletimiz ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän ugurlarynyň biri Guramanyň «Bütindünýä mirasynyň sanawynda» milli medeni we tebigy ýadygärliklerimiziň sanyny artdyrmak barada alnyp barylýan işlerdir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý we “Ýüpek ýoly: Zerewşan Garagum geçelgesi” atly desganyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bu Guramanyň «Bütindünýä mirasynyň sanawyna» girizildi. Şeýle hem 2015-nji ýylda «Görogly dessançylyk sungaty», 2017-nji ýylda «Küştdepdi aýdym we tans dessury», 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty», 2021-nji ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», 2022-nji ýylda «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Molla Ependiniň şorta sözleri gürrüň berijilik däbi» we «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», 2023-nji ýylda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ýaly maddy däl medeni mirasyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşuldy we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Häzirki wagtda «Türkmen Alabaýlaryny ýetişdirmek sungaty» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasy sanawyna» girizmek boýunça örän depginli işler alnyp barylýar.
Öz arassalygyny hem-de gadymy tohum görnüşini saklap galan itleriň bu täsin neslini halkymyzyň milli gymmatlygy diýip, doly ynam bilen aýdyp bolar. Alabaýlara eýesine sözsüz düşünmek mahsus. Ol eýesiniň pikirini ýüz-gözünden okaýar, ony duýýar. Türkmen alabaýyny haýwan hasaplaman, dosty, maşgalanyň agzasy hökmünde görýär. Beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň iň gadymy görnüşini saklap galan dog görnüşli itleriň ýeke-täk tohumy türkmen alabaýydyr.
Alabaýyň gelip çykyşynyň gadymylygyny tassyklaýan maglumatlaryň biri hem 2003-nji ýylda Ajyguýy medeni oturymynda (Marguş) tapylan iki sany iri tohum itiň ystyhanydyr (T-32 we T-80 mazarlary). Geçirilen barlaglar mazarlaryň b.e. öňki 2400-2200-nji ýyllar bilen senelenýändigini tassyklaýar. Şol itleriň ölçegleri türkmen alabaýlaryna gabat gelýär, ýagny alabaýlaryň penjesinden gerşine çenli beýikligi 60 santimetre barabardyr. Alabaýlaryň şekilleri we heýkeljikleri antik we orta asyr eýýamynyň harabaçylyklarynda-da duş gelýär.
2017-nji ýylyň ýazky möwsüminde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän meşhur orta asyr şäheri bolan Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde güjügiň faýansdan edilen kiçijik şekiliniň tapylmagy garaşylmadyk açyşdyr. Gulagy, guýrugy kesilen alabaýlaryň toýundan edilen şekilleri dürli ýyllarda Altyndepe we Goňurdepe (b.e.ö. II müňýyllyk) ýaly belli ýadygärliklerden hem tapylypdy. Köne Nusaýyň Parfiýa ritonlarynyň biriniň bezeginde hem ägirt uly it şekillendirilipdir.
«Aşgabat — 2017-niň» şekili hökmünde Wepalynyň saýlanyp alynmagy bu şöhratly taryhyň täzeden galkynmasydyr. Wepalynyň üsti bilen dünýä halklary ýene bir ýola alabaýlaryň türkmen durmuşynda maşgala ojagynyň, abadançylygyň goragçysy bolup durýandygyna, olaryň ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly, sürini, öýi, emlägi sak durup goraýjy, batyr, gaýduwsyz, buýsançly bolýandygyna göz ýetirdiler. Wepalynyň owadan gözlerinden ynamlylygy, ynsanperwerligi görünýär.
Bu ylmy işler türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge, itleriň bu tohumynyň galdyran taryhy yzlaryny ylmy taýdan has düýpli öwrenmäge hem-de ýaşlarymyzda milli mirasymyz babatynda düşünjeleriň baýlaşmagyna ýardam berer.
Göwher Hudaýnazarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby