Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýokary depginde bellenilip geçilýär. Nowruz baýramy 21-22-nji mart günleri bellenilýar. Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Nowruz baýramy her ýyl Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Eýran, Owganystan, Azerbaýjan, Täjigistan, Yrak, Hindistan, Gyrgyz Respublikasynda hem-de beýleki sebitlerde giňden bellenilýär. Nowruz diýmekligiň özi “Täze gün” diýmegi aňladýar.
Ol gün semeni bişirilýär, hiňňildik uçulýar we aýdym-sazly çykyşlar gurnalýar. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Köpmilletli «Nowruz baýramy» hödürnamasyna 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Addis-Abebada (Efiopiýa) geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 11-nji mejlisiniň barşynda seredildi we ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Şeýda Setdarowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby