Keçe — bu türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň köpasyrlyk tejribesini, gadymy däp-dessurlaryny hem-de çeper döredijiligini özünde jemleýän halk senetçiliginiň ajaýyp nusgasy. Keçe ata-babalarymyzyň hem-de ene-mamalarymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Bilşimiz ýaly, keçe adamyň saglygyna örän oňyn täsir edýär.
Türkmen keçesi tebigy we ekologiýa taýdan arassa önümdir. Ýagny goýun ýüňüniň düzüminde lanolin saklanýar. Ol esasan, goýun ýüňüniň ýokary gyzgynlykdaky suwda gaýnadylmagy netijesinde alynýar. Onuň düzümindäki garyndylar dürli sowuklama we ýokanç kesellere garşy göreşmäge ukyplydyr. Ata-babalarymyz kesellän adamyň dertden saplanmagy üçin ony keçä dolapdyrlar.Ýumşak keçäniň üstüne hormatly orna çagyrylmagy myhmana uly sylag bildirilmeginiň nyşanydyr. Keçe önümleri öýlere aýratyn milli öwüşgin berýär. Keçäniň basylyşynda goýun ýüňüniň dürli reňklerinde peýdalanylýar. Ony ýylyň islendik paslynda hem ulanmak bolýar. Ýagny keçe gyş aýlary sowukdan, tomusda hem jöwzaly yssydan goraýar. Şonuň üçin türkmen keçesiniň gadyr-gymmaty hiç wagt egsilmändir. Eli çeper zenanlarymyzyň elinden çykan keçeler, türkmen ojagynyň törüni bezeýär.
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby