Garaşsyzlygyň ykdysady esaslary pugtalandyrylyp, ýurdumyzda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi pul dolanyşygynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Çünki bu hereketlendiriji maliýe guraly, bank ulgamynyň işiniň ýokarlanmagyna we ykdysadyýetiň üstünlikli ösmegine ýardam berdi. Türkmen manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Milli manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkymyzyň maddy ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň pul kepilidir.
2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, wajyp, döwrebap taslamalary dünýäde özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, halkymyzyň bank hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda peýdalanyp bilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Eziz halkymyzy milli manadymyzyň ýetip gelýän 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda ýadawsyz tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Altyn Mämiýewa,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň
Maliýe we karz hünäriniň 2-nji ýyl talyby