Häzirki wagtda Köneürgenjiň günorta çetine 1985-nji ýylda döredilen 640 gektar meýdany bolan döwlet medeni-taryhy goraghanasy ýerleşýär. Bir wagtlar Köneürgençde Horezm gurluşykçy ussalar mekdebi bolup, gülläp ösüpdir. Olaryň bilimidir başarnyklary bütin dünýä ýaýrapdyr, olaryň döreden zatlaryny häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň dürli sebitlerinde Teýmirleňiň hökümdarlyk süren döwrüne degişli köp desganyň biçüwinde görmek bolýar.
Olaryň adaty gurluşyk usullary we ýerine ýetiriş täri şu güne çenli saklanyp galypdyr, mysal üçin, ilkinji gezek Köneürgençde ulanylan küreler henizem taryhy binagärlik ýadygärlikleriniň durkuny täzelemekde tutuş sebitde kerpiç bişirmek üçin ulanylýar. Köneürgenç Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orta asyr ugurlarynyň birinde ýerleşipdir, XIV asyryň ortalary onuň pajarlap ösen wagty bolupdyr. Ol Türkmenistanyň goragly giň zolakda ýerleşýän we XI-XVI asyrlara degişli gowy saklanyp galan köp sanly ýadygärligi öz içine alýan gadymy arheologik ýadygärlikleriniň biridir. Bu ýadygärliklere gözelligi we aslynyň gadymylygy bilen haýran galdyrýan metjitler, kerwensaraý derwezeleri, galalar, aramgähler we minaralar girýär.
Köneürgenjiň ýadygärlikleri Merkezi Aziýanyň yslam binagärliginde jaýlary bezemek üçin ulanylan ajaýyp usullaryň köplügini görmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde çig we bişen kerpiçden gurlan desgalar, bir otagly, gümmezli binalar we kompozisiýa taýdan ýerine ýetirilişi boýunça adatdan daşary çylşyrymly, seýrek şekilli gümmezli binalar bar.Ýerli ilat, bu taryhy goraghanany baryp görýän köp sanly syýahatçylar gadymy gurluşykçylaryň ýokary ussatlygyny öz gözleri bilen görüp, seslenme kitaplarynda haýran galandyklaryny beýan edip, ýadygärlik goýup, özleri bilen bolsa 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgençde gören zatlaryndan alan ýatdan çykmajak oňyn täsirlerini alyp gidýärler.
Watanyny söýýän, oňa buýsanmagy başarýan adam ruhy taýdan baýdyr. Türkmen halky üçin Watan, ene toprak hemme zatdan eziz hem mukaddesdir. Her bir raýatyň ykbaly Watanyň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin Watan hakda, Watanyň mukaddesligi hem ezizligi hakda oýa batanyňda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Watana söýgi iň beýik söýgüdir », Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! » diýen parasatly sözlerini buýsanç bilen ýatlaýarsyň. Ata-babalarymyzyň yhlasyna eýlenen medeni mirasymyzy, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, ýaş nesillerimizi ynsanperwerlige, watansöýüjilige barýan milli ruhuň belent basgançaklaryna ýetirmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
KAKAÝEWA ÇEMEN
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy