Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan agrar ýurt bolanlygyndan ykdysady taýdan kuwwatly senagatlaşan döwlete öwrüldi. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurduň hemme ýerlerini deň derejeli ösdürmek barada köp işler edildi. Sosial-ykdysady ösüşde sebitleriň arasyndaky tapawut ýyl-ýyldan azalýar, bu ylaýta-da senagat önümçiliginde aýdyň görünýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde bu ileri tutulýan we örän çalt depginler bilen ösdürilýän pudakdyr. Geologiýa gözleginiň çaklama maglumatlaryna görä, nebit gorlarynyň 3/4 bölegi Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýär. Bu ýerde nebitiň çak edilýän gorlary 12 mlrd. t barabardyr. Gündogar Türkmenistanda hem nebit ýataklarynyň üsti açyldy. Ýurdumyzda gazyň gorlary 23 tril. kub.m möçberde hasaplanylýar. Has uly çuňlukda ýerleşen gorlar baradaky gözleg işleri indi başlanýar.
Nebit we gaz toplumyny ösdürmek işine daşary ýurt kompaniýalary, maýa goýujylary giňden çekilýär. Nebit-gazly ýerleri bilelikde gözlemäge we özleşdirmäge bäsleşik yglan edilýär we her gezek bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenilip, bilelikdäki kärhanalar döredilýär. Şeýle kärhanalaryň ençemesi döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmäge dünýä belli «Monument» (Beýik Britaniýa), «Ekson» (ABŞ), «Petronas» (Malaýziýa), «Itoçu Korporeýşn» (Ýaponiýa) we başga-da onlarça kompaniýalar gatnaşýarlar.
Nebit-gaz ýataklary özleşdirmegiň esasy şerti uglewodorod çig malyny hemmetaraplaýyn peýdalanmakdan ybaratdyr, çünki birnäçe ýataklarda tebigy gazyň düzüminde senagatda ulanylýan etan, propan, butan, kükürt we geliý bar. Şonuň üçin pudagyň öňünde diňe bir nebit-gaz ýatakly ýerleri gözlemek we özleşdirmek däl, eýsem, alynýan çig maly bütinleý gaýtadan işlemek wezipesi hem goýulýar. Bu iş ýurtda giň gerim bilen alnyp barylýar. Türkmenbaşy şäherindäki (ozalky Krasnowodsk) nebiti gaýtadan işleýän zawod (TNGIZ) onuň aýdyň mysalydyr. 1997-nji ýylda ençeme daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda TNGIZ-iň durkuny täzelemek we ony döwrebaplaşdyrmak işi başlandy. Iş ýüzünde bu ýerde sebitde iň iri häzirki zaman nebit-himiýa toplumy guruldy. Gurluşyga 1,5 mlrd amerikan dollary möçberinde serişde goýuldy.
2000-2001-nji ýyllarda TNGIZ-de katolitik-riforming desgasy, katolitik-kreking, ýokary hilli benzin, polipropilen, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar işe girizildi. Toplumda elektrostansiýa, ýuwujy serişdeler öndürýän desga, deňiz suwuny süýjediji desga, polipropilen ammary we başga-da birentek desgalar guruldy. Kämil tehnologik ulgamlary bolan bu kärhanalar toplumynda her günde 1,5 mln amerikan dollaryna barabar möçberde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär. TNGIZ-iň ikinji nobatynyň hem gurluşygyna başlandy. 2010-njy ýyla çenli şol gurluşyklaryň hem tamamlanmagy bilen toplumyň kuwwaty ýylda 9 mln t nebiti gaýtadan işlemäge ýeter.
Samandepede (Lebap welaýaty) gazy gaýtadan işleýän zawod guruldy. Ol gaz kükürdini öndürýär. Naýypda, Bagajada suwuklandyrylýan gaz öndürýän zawodlar toplumlary işe girizildi.
Soňky ýyllarda Amyderýanyň sag kenarynda, Ýolötende nebit çykarylyp başlandy. 2030-njy ýyla çenli ozalky işläp gelýän ýataklary dikeltmek we täzelerini işe girizmek bilen, ýurtda nebit-gaz çykarylyşyny birnäçe esse artdyrmak bellenilýär.
Kerimowa Sahabat,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby



