2024-nji ýylyň 19-njy dekabrunda Türkmen oba hojalyk institutynda oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, oba hojalykçy alymlaryň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmak önüm öndürilişini has-da artdyrmakda möhüm ädim bolan «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Geçirilen forumyň çäklerinde türkmen seçgiçi alymlarynyň we daşary ýurtly oba hojalyk pudagy bilen gyzyklanýan raýatlaryň irginsiz zähmetiniň miwesi bolan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý, şaly we beýleki tohumlarynyň nusgalaryny, bu ugurda ýetilen sepgitleri giňişleýin açyp görkezýän sergi hem gurnaldy. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilmegi, pudakda zähmet çekýän hünärmenleriň yhlasly zähmet çekmegi, ekinleriň ýokary hasylly, täze sortlarynyň döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylmagy bilen buýsançly zähmet ýeňişlerine ýetilýär. Şol gazanylýan her bir zähmet ýeňşiniň aňyrsynda bolsa edermen daýhanlarymyzyň we bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň, oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz hem yhlasly zähmeti bar.
Oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň netijesinde biotehnologiýanyň ornaşdyrylmagy bilen ýerden bol hasyl ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda tohumçylyk işi galla önümçiligini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk ylmynda hyzmatdaşlygy giňeltmek wajyp ugurlaryň biridir. Bu geçirilen halkara ylmy maslahatyň hem-de serginiň oba hojalyk pudagynda, seleksiýada we tohumçylykda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmek, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly meýdança bolandygyna berk ynanýarys.
Ylmy-barlag institutlarynyň we önümçilik merkezleriniň wekilleriniň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň toprak-howa aýratynlyklary ulgamlaýyn işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny, tohumçylykda täzeçillikleriň ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şunlukda, türkmen oba hojalykçylary güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini döretmekde, ýokary hasylly gowaça tohumlarynyň seçgiçiliginde uly üstünlikleri gazandylar.Merdana ata-babalarymyzyň baý ekerançylyk tejribesi, öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylýar we ygtybarly azyk bolçulygy üpjün edilýär.
SERDAR ARBAPOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.


