Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde gözel Diýarymyzda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat topumynda amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmäge höwes bildirýän daýhanlaryň sany barha artýar.
Ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi.
Şu ýyl ýurdumyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly öndürilip, welaýatlar boýunça bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamalar üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara isripsiz daşalyp, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirildi. Geljekki ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleriniň, şol bir wagtda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikleriň berilýändigini bellemelidiris. Bularyň ählisi «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk-hukuk namalary bilen berkidilendir.
Hormatly Prezidentimiziň ýer-suw serişdelerini ýerlikli peýdalanmak meselelerine-de aýratyn üns bermeginiň netijesinde ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk, seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylyp, oba hojalygyny güýçli depginde ösdürmekde berk binýady emele getirýär. Daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagatyny ösdürmekde uly ädim boldy. Oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, ýüpekçilik, bakjaçylyk, miweçilik, üzümçilik we oba hojalyk işewürliginiň beýleki ugurlary işjeň ösdürilýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



