Taslamanyň bahasy 2 million ABŞ dollaryna barabar bolup, ol 7 müňe golaý maşgalany elektrik energiýasy bilen üpjün eder.
”Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň “Bakhtar News” agentligine salgylanyp habar bermegine görä, Owganystanyň demirgazyk-günbataryndaky Badgis welaýatynyň Sang-Ataş etrabynda ýerleşýän 21 sany obany Türkmenistanyň elektrik energiýasy ulgamyna birikdirmek boýunça giň gerimli taslama badalga berildi.
Bu energetika taslamasyny Owganystanyň “Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasy amala aşyrýar. Umumy bahasy 2 million ABŞ dollaryna barabar bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, sebitdäki takmynan 7 müň maşgala durnukly elektrik energiýasyna elýeterliligi gazanar. Gurluşyk we gurnama işleriniň ýakyn bäş aýyň dowamynda doly tamamlanmagy meýilleşdirilýär.
Şeýle hem, habarda bellenilişi ýaly, mundan ozal “Breshna Sherkat” kompaniýasynyň baş direktory Abdul Bari Omar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji taslamasynyň ugur kartasynyň (marşrut) işlenip düzülendigini we onuň gysga wagtyň içinde türkmen tarapyna iberiljekdigini mälim edipdi. Bu taslamalar iki goňşy döwletiň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyny görkezýär.


