Pagta üçin bal arylarynyň ulanylmagy diňe bir agronomik taýdan hasyllylygy ýokarlandyrýan tejribe bolman, eýsem ykdysady taýdan hem ýokary netijelilik berýän strategiýadyr. Daýhançylykda bäsdeşligiň artmagy, önümçiligiň girdejililigini ýokarlandyrmagyň we serişdeleri has netijeli ulanmagyň möhüm mesele öwrülmegi bilen, pagta meýdanlarynda arylaryň peýdalanylmagy aýratyn üns merkezine düşýär. Bu makalada arylaryň pagta ösümlikleriniň tozanlandyrylmagyndaky rolunyň ykdysady taýdan mümkindigi seljerilýär, çykdajylar we olardan gelýän girdeji çeşmeleri deňeşdirilýär.
Pagta tozanlandyrmasynda arylaryň ähmiýeti
Pagta esasan öz-özünden tozanlanýan ösümlik hasap edilse-de, bal arylary ýaly entomofil tozanlandyryjylaryň gatnaşmagy netijesinde hasyllylygyň ep-esli ýokarlanýandygy ylmy taýdan subut edildi. Arylar çarpaz tozanlandyrma arkaly has işjeň miwelemegi üpjün edýärler, bu bolsa pagta kapsulalarynyň sanynyň we agramynyň artmagyna getirýär. Şeýle hem tozanlandyrma süýümiň hiliniň gowulanmagyna – uzyn, berk we birmeňzeş süýüm emele gelmegine ýardam edýär, bu bolsa önümiň bazardaky bahasyny ýokarlandyrýar.
Arylardyr tozanlandyrmanyň ykdysady peýdasy
Pagta meýdanlarynda arylaryň ulanylmagy esasan iki möhüm girdeji çeşmesini döredýär:
Hasylyň ýokarlanmagy – gektara düşýän pagta hasylynyň artmagy göni girdejini ýokarlandyrýar. Barlyk tejribeler arylary ulanmazdan bolan hasylyň derejesi bilen deňeşdirilende ortaça 10–25% has artyk pagta alynýandygyny görkezýär.
Süýümiň hiliniň gowulanmagy – süýümiň uzynlygy we berkligi ýokarlananda onuň satuw bahasy hem artýar, bu bolsa goşmaça girdejini üpjün edýär.
Çykdajylar we peýda seljermesi
Pagta meýdanlarynda ary koloniýalaryny saklamagyň çykdajylary aşağıdakylary öz içine alýar:
1.Ary uçastoklaryny ýerleşdirmek we ýola goýmak boýunça başlangyç çykdajylar
2.Bal arylaryny ideg etmek, iýmitlendirmek we saglygyny saklamak
Ulag we hyzmatlaşmak çykdajylary
Şeýle-de bolsa, çykdajylar bilen deňeşdirilende girdeji has ýokarydyr. Pagta hasylynyň artmagy çykdajylary doly ödeýär, üstesine-de ary önümlerinden — bal, mum, propolis we beýleki önümleriň satışyndan goşmaça serişde alynýar.
Geçirilen ykdysady seljerme arylaryň pagta meýdanlarynda ulanylmagynyň oba hojalygy üçin ýokary peýdaly we girdejili çözgütdigini görkezýär. Tozanlandyrma hasyllylygy we süýümiň hilini ýokarlandyrýar, ary önümlerinden bolsa goşmaça girdeji gazanylýar. Şeýlelikde, pagta hojalygyna aryçylygy ornaşdyrmak uzak möhletleýin ösüş üçin netijeli maýa goýumdyr.
Ajap Didarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.




