Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhyny we medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmekde, ony nesillerimize ýetirmekde we gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň buýsanarlyk taryhy bar, şeýle şan-şöhratly taryhyň döremegine sebäp bolan beýik şahsyýetleri-de kän. Türkmen nusgawy edebiýaty arkaly ynsan aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitirip, watançylyk ruhly söz gudratyny döreden akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragy.
Häzirki günde ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Beýik şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Akyldar şahyryň döredijiliginiň özeni watançylyk söýgüsinden başlanýar. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällilik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuň many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, türkmen nusgawy edebiýatymyzyň genji-hazynasyna öwrüldi. Ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar. Şahyryň «Aty gerek», «Mert biläni», «Meýdan ýoluksa», «Begler» ýaly goşgulary mertligi, gaýduwsyzlygy öwüt-ündew edýär. Şeýle goşgular nesilleri merdanalyk, watansöýüjilik mekdebinde terbiýelemekde örän möhümdir, çünki bu şygyrlaryň many-mazmunynda türkmen halkynyň asylly ýörelgelerini görmek bolýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleri we başlangyçlary elmydama rowaç bolsun!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby