Türkmen milli saz guraly bolan dutar türkmen halkynyň köp asyrlyk aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, gadymy döwürlerden bäri eziz ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň, dabaralaryň, baýramçylyklaryň esasy bezegi bolup durýar. Ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, dessançy bagşylarynyň döredijiligi ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ajaýyp nusgasy bolup, baýramlarymyza aýratyn öwüşgin berýär. Olaryň hormatyna ajaýyp rowaýatlar düzülipdir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda dutary mukaddes saýyp, ony gözüniň göreji deý gorap, ýumşak matadan tikilen aýratyn daşlykda saklapdyrlar.
Türkmen taryhynda bazar baglan sazanda-bagşynyň öz saz sungaty bilen goňşy döwletiň sürnüp gelýän esgerleri bilen dürli söweşiň öňüni alan wagtlary-da az bolmandyr.
Dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr.
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby