Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, şu ýyl eziz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar, dabaralar, şahyryň eserleriniň terjimeleriniň tanyşdyryşlary ýaly birnäçe çäreler geçirilýär.
Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde 22 — 26-njy noýabrda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle çäreleriň biri geçirildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we dolandyryş uniwersiteti, Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy — Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde» atly halkara maslahata gatnaşdy.
Türkmen wekiliýeti, Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersitetiniň taryh we filologiýa fakultetleriniň professor-mugallymlary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer taglymatyna, türkmen halkynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge gönükdirilen işler, Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleri babatda düýpli pikirler aýdyldy. Türkmen we polýak alymlarynyň türkmen taryhyny, dilini we edebiýatyny, Magtymgulynyň gymmatly döredijilik mirasyny Ýewropanyň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde hyzmatdaşlygyny has-da ýygjamlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berildi. Ýokary okuw jaýynyň merkezi kitaphanasynda, şeýle-de taryh we arheologiýa fakultetiniň kitaphanasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga, türkmen halkynyň taryhyna, edebiýatyna degişli birnäçe kitaplar bolup, olaryň käbiri polýak alymlaryna degişlidir.
Poznan şäherinde beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy maslahata türkmen we polýak alymlaryndan başga-da, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Wengriýa ýaly ýurtlaryň alymlary, Merkezi Aziýa döwletlerini öwreniji talyplar, Gündogary öwreniji ýewropaly alymlar gatnaşdylar. Çykyşlarda türkmen şahyrynyň dünýä edebiýatyndaky orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, türkmen we polýak alymlarynyň onuň eserleriniň terjimesi bilen bagly bilelikde eden işleri hakynda gürrüň edildi. Türkmen akyldar şahyrynyň türkmen we polýak dillerindäki şygyrlary okaldy.
Halkara maslahatdaky çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň, ylmy-medeni diplomatiýasynyň türkmen-polýak dostlukly gatnaşyklaryny has berkitmäge mümkinçilik berýändigi, ylmyň, medeniýetiň, jemgyýetiň öňünde duran möhüm meseleleri çözmäge giň ýol açýandygy bellenildi.
Ýurdumyzda söz ussatlarymyzyň sarpasynyň belent tutulmagyna, olaryň döredijiliginiň dünýä halklary tarapyndan öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyk bolsun!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby