Remezan – musulman senenamasynyň dokuzynjy aýydyr, şol döwürde musulmanlar 30 günlük säherden agşama çenli agyz bekläp, Oraza tutýarlar we aýyň ahyrynda Oraza baýramyny belleýärler.
Hemmämize mälim bolşuna görä, Oraza aýy ýetip gelýär. Ýene-de sanlyja günlerden tutuş yslam dünýäsi bilen bir hatarda Türkmenistan döwletimizde hem Oraza aýy başlanýar.
2025-nji ýylda Remezan aýy haçan başlanýar we gutarýar?
Aý senenamasyna görä, mukaddes Remezan aýy 1-nji martda başlap 29-njy marta çenli dowam eder we 30-njy martda musulmanlar Oraza baýramyny bellärler.
2025-nji ýylda Gadyr gijesi haçan?
Oraza aýynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem Gadyr gijesidir. Senenamadan mälim bolşuna görä, 2025-nji ýylyň mart aýynyň 26-sy gijesi Gadyr gijesi belleniler.
2025-nji ýylda Oraza baýramy haçan?
Üstümizdäki ýylda Oraza baýramy 2025-nji ýylyň 30-njy martynda bellener.
Agyz beklenende okalýan doga
Neweýtu en esume sawme şehra ramezane minel-fejri ilel-magribi halisan lillähi tagala. Allahu ekber.
Agyz açylanda okalýan doga
Allahume leke sumtu we bike ämentu we alä rizkyke eftartu we lisawmi gadin neweýtu fagfirli ýä gaffäru mä kaddemtu we mä ehhartu. Birahmetike ýä erhamer-rahymin.
2025-nji ýylyň Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy
Sahypamyzdaky Oraza aýynda agyz beklenýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasyny öz telefonyňyza, kompýuteriňize ýa-da planşetiňize yüklap alyp bilersiňiz. Yüklemek üçin «Meýilnamany ýükläň» basyp, aňsatlyk bilen göçürip alyp bilersiňiz.
2025-nji ýylyň Remezan aýynda Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty üçin agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy
2025-nji ýylyň Remezan aýynda Mary welaýaty üçin agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy
2025-nji ýylyň Remezan aýynda Lebap welaýaty üçin agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy
2025-nji ýylyň Remezan aýynda Daşoguz welaýaty üçin agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy
2025-nji ýylyň Remezan aýynda Balkan welaýaty üçin agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy