Maglumat göteriji tehnologiýalar boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanylýan «Samsung Electronics» «LPDDR5X» operatiw ýadynyň önümçiligini ýola goýar. Kompaniýanyň resmi web sahypasynda bellenilişine görä, täze önüm maglumatlary sekuntda 10,7 gigabaýta (Gbit/sek) çenli tizlikde geçirmek mümkinçiligini hödürleýär. Bu barada news.samsung.com web saýtynda habar berildi.
12 nanometrlik tehnologik yzygiderlilikden peýdalanyp, kompaniýa bar bolan «LPDDR-leriň» arasynda iň kiçi operatiw ýadyny esaslandyrdy.
— Pes energiýa güýjüni talap edýändigine garamazdan, uly ýat göwrümini özünde jemleýän «LPDDR DRAM» tehnologiýasyna bolan uly isleg diňe mobil enjamlar üçin däl, eýsem, kompýuterlerde, tizlendirijilerde, serwerlerde we awtomobillerde peýdalanmak üçin hem artýar — diýip, kompaniýanyň elektron ýat önümçiligi boýunça wise-prezidenti Ýong Çeol Be belledi.
«Samsung» 10,7 Gbit/s «LPDDR5X» operatiw ýatlarynyň önümçiligini köpçülikleýin esasda ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň kuwwatyny bolsa öňki nesil bilen deňeşdirilende, 30 göterimden gowrak ýokarlandyrar. Şeýle hem bir ykjam DRAM bukjasynyň kuwwatyny 32 GB çenli artdyrar.