Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Russiýanyň Swetlogorsk şäherinde ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary instituty (IITE) gatnaşmagynda guralan Şahsy mümkinçilikleri ösdürmek merkezleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda sanly sowatlylygyň we emeli aňyň (EA) bilim prosesine ornaşdyrylmagy meselesine üns berildi.
Duşuşykda Merkezi Aziýadan, Belarusdan we Russiýadan takmynan 220 wekili iň gowy tejribeleri paýlaşmak üçin bir ýere jemlendi.
Türkmenistan üçin esasy pursatlary:
Russiýanyň tejribesinden öwrenmek: Wekiller Kaliningraddaky “Quantorium” çagalar tehnologiýa parkyna baryp, mekdep okuwçylarynda ylmy we sanly sowatlylygy ösdürmegiň usullary bilen tanyşdylar.
Bilimde emeli aň: Plenar mejlislerde emeli aňyň hünär ösüşi we kiberhowpsuzlyk meseleleri üçin mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri:
Duşuşykdan soň (IITE bilen hyzmatdaşlykda) anyk ädimler kesgitlendi:
Mugallymlary taýýarlamak: EduHub halkara sertifikatlaşdyrma kurslaryna türkmen mugallymlarynyň gatnaşmagy.
Mazmuny: Emeli aň okuw materiallaryny we türkmen dilinde onlaýn sapaklary taýýarlamak.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Russiýanyň Kaliningrad şäheriniň awtonom umumybilim berýän 57-nji orta mekdebinde guralan “Bilimde adam-AI hyzmatdaşlygy: hünär we şahsy ösüş üçin mümkinçilikler” atly umumy (plenar) mejlisine gatnaşyldy.
Mejlisde:
-“Emeli intellekt döwründe bilim we tehnologiýa”;
-“Emeli intellekt adamlaryň we işewürligiň hyzmatynda”;
– “Kiberhowpsuzlygy öwrenmek we intellektual tehnologiýalar üçin Milli inženerçilik ylmy-barlag merkezi tarapyndan mekdepler üçin işlenip düzülen emeli aň gurallarynyň tanyşdyrylyşy”;
-“Geljege goşant” haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan tejribede sanly başarnyklar we ukyplar” atly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti “AI bilen döret” atly interaktiw bölümçäniň (seksiýanyň) işine gatnaşyldy.
Iş saparyň netijesinde Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Instituty (IITE) hem-de “Geljege goşant goşmak” atly Sberbank haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan berilen teklipler:
-“Geljege goşant goşmak” atly Sberbank haýyr-sahawat gaznasynyň bilim platformasyndaky emeli aň boýunça okuw materiallaryndan peýdalanmak;
-Bilim edaralarynyň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen “Mümkinçilikleri giňeltmek: Şahsyýeti ösdürýän bilim gurşawynda saglyk we abadançylyk üçin bilim” atly halkara başlangyjynyň ýol kartasyna goşulmak. Bu halkara başlangyjynyň maksady okuwçylaryň ösüşi, saglygy we abadançylygy üçin şahsy höweslendiriji bilim gurşawyny, sosial-emosional ösüşi we sagdyn durmuş ýörelgesini döretmek üçin gurallary işläp düzmek we wagyz etmek maksady bilen bilim guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek;
-Bilim edaralarynyň mugallymlaryna EduHub (https://eduhub.pro/) platformasyndaky halkara sertifikatly okuwlaryna gatnaşmak. Esasan orta mekdep mugallymlary, mekdep müdirleri, mekdep psihologlary we ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň pedagogika we psihologiýa kafedralarynyň mugallymlary üçin niýetlenilen. Okuwlar 2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda we 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda meýilleşdirilýär;
-Sanly materiallary (wideo sapaklary we gollanmalary) taýýarlamak.
Türkmenistanyň gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we bilim gurşawyny ösdürmek üçin global tejribeleri ornaşdyrmaga bolan gyzyklanmasyny görkezýär.



