Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi täze senagat pudaklarynyň, şol sanda gämi we gaýyk gurluşygynyň kemala gelmegine şert döredýär. Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky döwrebap önümçilik kuwwatlyklary hem-de hususy pudagyň işjeňleşmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky ykdysady mümkinçiliklerini has-da artdyrdy. Şunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gämi gurluşygy, suw ulaglary pudagy uly ösüşlere eýe boldy.
Ýurdumyzda gämi we gaýyk önümçiliginiň ösdürilmegi diňe bir ulag pudagyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki ugurlary hem öz içine alýar. Hazaryň türkmen kenarynyň ýaraşygy bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulanmak üçin döwrebap gezelenç gaýyklaryňdyr katerleriň köpelmegi syýahatçylygyň hilini ýokarlandyrsa, balykçylyk hojalyklarynyň döwrebap enjamlaşdyrylmagy azyk bolçulygyna goşant goşýar.
Türkmenistanyň senagatlaşma strategiýasy we importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek ugrundaky başlanyçlary hususy kärhanalarynyň rowaçlanmagyna giň ýol açdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda gämi we gaýyk önümçiligi babatyndaky döwlet eýeçiligindäki pudaklar bilen bir hatarda türkmen telekeçileri-de bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýärler. Özboluşly ýoly bolan şeýle kärhanalaryň biri «Şanly mekan» hojalyk jemgyýetidir. Bu hojalyk jemgyýeti ýokary derejede berk bolan aýna plastikden, kompozit materiallardan dürli görnüşli suw howuzlaryny, balykçylar üçin gaýyklary, gezelenç etmäge niýetlenen katerleri öndürýär.
Ýurdumyzda suw ulaglarynyň önümçiligine ýöriteleşen sanlyja hususy kärhanalaryň biri bolan «Şanly mekan» hojalyk jemgyýetiniň önümlerini esasan fiberglas — süýümli aýna we kompozit materiallardan ýasamagy gaýyklaryň ýeňilligini, çydamlylygyny we poslama garşy durnuklylygyny üpjün edýär.
«Şanly mekan» hojalyk jemgyýeti ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyp, onda ýokary derejede berk bolan aýna plastikden iri göwrümli täsin önümlerini görkezdi. Bu önümler uzakmöhletleýinligi hem-de howanyň temperaturasynyň düýpli üýtgemelerine durnuklylygy bilen tapawutlanyp, birnäçe görkezijileri boýunça alýuminden we agaçdan üstün çykýar. Berkligiň we ýeňilligiň utgaşmagy bilen ýüzmäge niýetlenen bu önümleriň balykçylaryň, deňiz syýahatçylygyny halaýanlaryň, halas ediş gullugynyň hem-de deňizçileriň arasynda uly islegden peýdalanylýandygy ikuçsuzdyr. Şeýle gaýykdyr gämileriň ulanyş möhleti 20 — 25 ýyla barabardyr.
2022-nji ýylda döredilen bu hojalyk jemgyýeti gämigurluşygyndan başga-da uly howuzlary taýýarlamak we gurnamak işlerini alyp barýar. Zerur bolan gaplar kärhananyň zawodynda öndürilýär we taýýar görnüşe getirilýär. Bu bolsa buýurmalaryň tiz gurnalmagyny we çyglylyk geçirmezligini üpjün edýär. Hojalyk jemgyýeti howuzdaky suwuň örän arassa bolmagyny şertlendirmek üçin kwars çägesiniň ýa-da aýnalar arkaly agram bermegiň esasynda süzüji we arassalaýjy ulgamlary-da teklip edýär.
Öz işiniň ussady bolan «Şanly mekan» hojalyk jemgyýeti modul priçallaryny öndüriji kuwwatlyklaryna eýedir. Gurnamakda ýeňil we amatly bolan bu abzal priçal enjamlarydyr emeli adalary göni suwuň ýüzünde gurnamaga mümkinçilik berip, dynç alyş zolagynydyr wagtlaýyn desgalary döredýär.
Binägärlik ulgamynda kärhananyň kompozit materiallary tekiz ýylmanak üstki görnüşleri görkezmek üçin mäkäm daşky bezeg panellerini döretmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu önümleriň galyňlygyny artdyrmak üçin çig mal daşary ýurtdan satyn alynýar.
Döwlet ygtyýarnamalaşdyryş talaplaryna laýyk gelýän kepillikleriň we hiliň uzakmöhletleýin bolmagyna aýratyn üns berýän kärhananyň ýörite laboratoriýasy bar. Ol ýerde materiallary we önümçilik proseslerini geçirmek üçin yzygiderli ylmy-barlag işleri geçirilýär.
Kärhanada işleýän hünärmenler dünýä tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, ýerli şertleri hem göz öňünde tutýarlar. Önümçilik tapgyrynda çyzgylaryň taýýarlanyşyndan başlap, gaýygyň suwa goýberilýän pursadyna çenli ähli işler halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylýar. Bu bolsa «Şanly mekan» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň diňe bir içerki bazaryň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, geljekde daşary ýurt bazarlarynda-da bäsdeşlige ukyply bolmagyna itergi berýär.
Akmyrat SULTANOW, «Şanly mekan» hojalyk jemgyýetiniň direktory:
— Milli telekeçiligiň bu ugra gadam basmagy ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň diňe bir döwlet kärhanalary bilen çäklenmän, hususy pudagyň hasabyna hem giňeýändigini görkezýär. Hojalyk jemgyýetimiz tarapyndan öndürilýän gaýyklar Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerinde zähmet çekýän balykçylaryň we syýahatçylaryň işini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegine-de uly goşant goşýar.
Kärhanamyz gaýyklardyr katerleriň düzüm böleklerini satyn almak, çig mal üpjünçiligi babatynda daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Hojalyk jemgyýetimiz häzirki wagtda gury ýük gämileriniň, tankerleriň we dürli maksatly tirkeg gämileriniň taslamalaryny durmuşa geçirýär. Şeýle-de edara-kärhanalarydyr balykçylyk hojalyklary üçin niýetlenilen dürli ölçegdäki motorly gaýyklaryň we katerleriň gurluşygyny alyp barýar.
Geljekde patrul katerlerini, ýahtalary öndürmegi maksat edinýäris.
Türkmen telekeçileri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.



