Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan Sanly.tm milli sanly portaly, ýurdumyzda döwlet edaralary, hususy kärhanalar hem-de dürli guramalar üçin sanly hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýän köpugurly platforma hökmünde ösdürilýär.
Portal işewürlik proseslerini sanlylaşdyrmak, maglumatlaryň ygtybarly alyş-çalyşyny üpjün etmek hem-de işgärleriň bilelikdäki işini netijeli guramak üçin döredilen bitewi sanly ekosistema hökmünde çykyş edýär. Ol elektron poçta, senenama, gözleg ulgamy we beýleki ofis hyzmatlaryny bir platformada birleşdirýär.
Sanly.tm arkaly ulanyjylar döwlet hyzmatlaryna, elektron söwda meýdançalaryna, onlaýn hyzmatlara hem-de ýurdumyzyň internet dükanlaryna gönüden-göni giriş mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu bolsa platformany diňe bir korporatiw däl, eýsem gündelik sanly hyzmatlar üçin hem möhüm gural hökmünde görkezýär.
Portalda aýratyn üns korporatiw elektron poçta hyzmatyna berilýär. Ýuridik şahslar hasaba alnandan soň, her bir işgär şahsy elektron poçta salgysyny döredýär hem-de hat alyşmalary tertipleşdirmek üçin çäklendirilmedik bukja ulgamyndan peýdalanýar. Bu çözgüt maglumat howpsuzlygyny güýçlendirýär, içerki aragatnaşygy kämilleşdirýär we kompaniýalaryň sanly iş prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Sanly.tm platformasy döwrebap we ulanyjy üçin amatly interfeýsi bilen tapawutlanýar. Ol türkmen we rus dillerinde elýeterli bolup, ulanyjylara özbaşdak hasap döretmek hem-de ähli sanly hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiliklerini berýär.
Sanly.tm ýaly milli sanly platformalaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetinde sanly özgertmeleri çaltlandyrmaga, döwlet, işewürlik we raýatlar arasynda elektron özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de sanly ykdysadyýetiň ösüşine möhüm goşant goşýar.



