Sanly ykdysadyýet – ykdysadyýetiň täze görnüşi bolup, hemme gatnaşyjylaryň umumy we şahsy
maglumatlaryny ulanmagyň esasynda olaryň ähli isleglerini kanagtlandyrmak bilen
häsiýetlendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäde ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwleti
hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürilýär. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige döwlet derejesinde aýratyn
uly üns berilýär. Muňa ýurt Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we bu maksatnamany durmuşa
geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem aýdyň şaýatlyk
edýär. XXI asyr innowasiýalaryň çalt ösýänligi bilen tapawutlanýar. Ylmy-tehniki progresiň şeýle çalt
depginler bilen ösmegi netijesinde döredilýän innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi
bolsa, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şoňa görä-de, häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda biziň
durmuşymyzyň ähli ugurlary tehnologiýalaşdyrylýar. Indi olar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine
öwrülip, durmuş müşgilliklerini ýeňilleşdirmäge ýardam berýär, ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň
binýady hökmünde doly ykrar edilýär. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýa
ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama
kabul edilen gününden bäri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar
durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde täze önümçilikleriň ýüze çykmagynda — ylmy
harytlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagynda, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artyp, eksport
mümkinçilikleriniň has-da netijeli ösmeginde özüniň aýdyň beýanyny tapdy.
Gülsoltan KURBANBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby