Ýurdumyzda her bir ýylyň mynasyp atlandyrylmagynyň durmuş ýörelgesine öwrülmegi halkymyzda ruhubelentlik, Watana, ene topraga, belent ösüşlerimize bolan söýgini has-da artdyrýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
Beyik Magtymguly Pyragy tutuş adamzada söz mülküni, bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär galdyrdy. Gahryman Arkadagymyz milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlap “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döreden ajaýyp şygry Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda beýik ykbalymyzyň üstünliklere beslenýän täze bir sahypasynyň — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmuny, ähmiýeti giňişleýin açylyp görkezilýär.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenýär. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ankaranyň Sosial Ylymlar Uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Halkara ylmy maslahatlar geçirilýär.
Bazarbaý ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby