“Ojar Aziýa” kompaniýasy, Türkmenistanda üç sany halkara geçelgäni birleşdirjek Sarahs–Mary–Serhetabat awtomobil ýoluny gurmaga taýýardygyny mälim etdi. Taslama doly hususy maýa goýum esasynda amala aşyrylar.
Türkmenistanyň logistika ulgamynda täze sahypa açylýar. Ýerli “Ojar Aziýa“ kompaniýasy, ýurdumyzyň üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini artdyrjak iri möçberli Sarahs–Mary–Serhetabat (SMS) awtomobil magistralynyň gurluşygyny öz üstüne alýandygyny beýan etdi.
Bu taslamanyň iň üns çekiji tarapy, onuň döwlet býujetinden serişde çykarman, doly hususy maýa goýumlar hasabyna amala aşyrylmagydyr.
Üç ulag geçelgesini birleşdirýän köpri
Taslamalaşdyrylýan täze ýol, sebitdäki üç sany strategik halkara geçelgäni bir nokatda utgaşdyrar:
Demirgazyk–Günorta
Lapis Lazuli (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe)
Gündogar–Günbatar
Logistikada täze mümkinçilikler
SMS magistraly Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Ýewropa bazarlarynyň arasynda göni gatnawy üpjün eder. Bu ýol diňe bir asfalt düşemek bolman, eýsem bar bolan multimodal infrastruktura bilen birleşdirilip, ýükleriň daşalyş möhletini gysgaltmaga we çykdajylary optimizirlemäge ýardam berer.
Hyzmatdaşlyga çakylyk
“Ojar Aziýa” kompaniýasy, bu iri taslamany durmuşa geçirmek üçin gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly maýadarlar, logistika operatorlary we halkara hyzmatdaşlar bilen işleşmäge açykdygyny tassyklady.


