«Türkmenistan geljekde hem telekeçiligi goldamak boýunça işleri» dowam etdirer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow düýnki geçirilen saýlawlarda Türkiýäniň «TRТ World» teleýaýlymynyň habarçysy Rumeýsa Çodaryň sowalyna beren jogabynda aýtdy.
TDH-nyň ýazyşy ýaly, žurnalist Türkmenistanda ykdysadyýetiň uzakmöhletleýin ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek maksady bilen senagat kärhanalarynyň ösdürilmegi barada pikirini aýtmagyny haýyş etdi.
Serdar Berdimuhamedow bu sowala jogap bermek bilen, Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, telekeçiligiň goldanylmagyna gönükdirilen bäş ugrunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, dalaşgär 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähmiýetini belledi. Bu birleşmäniň agzalary ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda söwda ulgamynda, oba hojalygynda, gurluşykda, ulagda, senagatda üstünlikli işleýärler. Biziň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän pudaklary hem-de senagaty milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegine ýardam berýän ýokary hilli harytlary öndürýär diýip, Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň telekeçiligini goldamak işlerini dowam etmegi maksat edinýändigini aýtdy.