Halkara Zenanlar güni mynasybetli, ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Aýallar Bileleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan gurnalan «Talyp gözeli – 2022» gözellik bäsleşigi geçirilýär.
Bäsleşik her ýyl geçirilip, adatça üç tapgyrdan ybarat bolup durýar. Talyp gözeller ýaryşyň üç tapgyrynyň dowamynda öz döredijilik mümkinçiliklerini, aşpezlik ukyplaryny we el çeperçiligini görkezmäge mümkinçilik berilýär.
Talyp gyzlar başlangyç tapgyrda öz okaýan ýokary okuw jaýlarynda bäsleşerler. Birinji orny eýelän ýokary mekdepleriň hersiniň ýeňijileri 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 7-nji martyna çenli Aşgabatda geçiriljek bäsleşigiň uly, jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Jemleýji tapgyrda bäsleşige gatnaşýan talyp gözeller ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden düzülen eminler toparynyň öňünde diňe bir öz gözelliklerini däl, eýsem sungata, döredijilige ukyplaryny, goşgudyr aýdymlary ýerine ýetirmek ussatlyklaryny, şeýle hem milli däp-dessurlara beletliklerini görkezmeli bolarlar.
«Talyp gözeli – 2022» bäsleşiginiň ýeňijilerine we baýrakly ýerleri alanlara ýadygärlik sowgatlary berler. Şeýle hem, bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine diplomlar we hormat hatlary gowşurylar.