Ýakynda saýtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kabul edendigi barada habar beripdik. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň hukuk binýadynyň berkidilýän şu döwründe, sanly giňişlikdäki maglumatlaryňyzyň we wirtual aktiwleriňiziň howpsuzlygyny üpjün etmek her bir ulanyjy üçin möhüm jogapkärçilik bolup durýar.
Kanunçylyk tarapyndan goralýan sanly eýeçiligiňizi tehniki taýdan hem goramak we durnukly işledip bilmek üçin, “Türkmentelekom” EAK-nyň (os.telecom.tm) bulut hyzmatlarynda ätiýaçlyk nusgalaryny (backup) döretmegiň we domen dolandyrmagyň tertibini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Ätiýaçlyk nusga döretmek üçin:
os.telecom.tm dolandyryş paneline giriň. “Maşynlar” bölüminde Wirtual serwerleriňizi görersiňiz. Her bir serweriň sag tarapynda ýerleşýän goşmaça menýu arkaly ätiýaçlyk nusgasyny döretmek mümkin. Ätiýaçlyk nusgasy döredilenden soň, şol menýuda aşakdaky düwmeden serweri gaýtadan dikeltmek ýa-da şol nusgadan täze serwer döretmek mümkinçilikleri elýeterlidir.
Wirtual serweriň nusgalarynyň sagatlaýyn bahalary:
0–60 GB | 0.58 TMT / sagat
61–120 GB | 1.16 TMT / sagat
121–200 GB | 1.93 TMT / sagat
201 GB we ýokary | 2.89 TMT / sagat
Domeni dolandyrmak üçin:
Wirtual serwerleriň dolandyryş panelinde domeniňizi birikdirmek üçin, Wirtual serwerleriň we domeniň eýesi abonent bölümine ýüz tutup biler. Soňra bolsa tehniki bölümiň hünärmenleri domeniňizi paneliňize birikdirip bererler we siz wirtual serwerleriň panelinde öz domeniňizi dolandyryp bilersiňiz.
- Goşmaça maglumat üçin:
- Abonent bölümi: 955914
- Tehniki bölüm: 481503



