Belent sepgitlere ýetilmegine «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky önümçilik düzümleri hasam saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen günlerinde bolsa konserniň Günbatar sebitdäki Uzynada käninde guýynyň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanyşa girizilmegi netijesinde guwandyryjy görkezijiler gazanyldy. Bu buýsançly wakadan köp wagt geçmänkä-de gürrüňi edilýän konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlary bir günüň dowamynda birbada iki guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar.
Olar geljegi uly Uzynada känindäki 80-nji, Demirgazyk Goturdepe känindäki 415-nji ulanyş maksatly guýulardan «gara altynyň» hem-de gaz kondensatynyň senagat akymlaryny aldylar. Munuň özi, kuwwatly senagat kärhanasy tarapyndan alynýan gymmatly çig mallaryň möçberleriniň artdyrylmagyna aýgytly täsirini ýetirdi. Geçirilen gazuw işleriniň jemi boýunça Uzynada käninde ýerleşýän taslama çuňlugy 6800 metr bolan guýynyň 6652-6659 metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň bol senagat akymy alyndy. Netijede önümli guýy «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa tabşyryldy. Häzirki wagtda ol bir gije-gündizde 85 müň kub metr tebigy gaz, şeýle-de 73 tonnadan gowrak kondensat berýär.
Goturdepeli burawlaýjylar Demirgazyk Goturdepe käninde-de taslama çuňlugy 4870 metre ýetýän guýynyň 4536-4539 we 4564-4569 metr aralygyndan «gara altynyň» ýokary senagat akymyny almagy başardylar. Şonuň ýaly-da bu täze önümli guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Häzir guýynyň gije-gündiziň dowamynda 35 tonna barabar nebit berýändigi aýratyn bellärliklidir. Işleriň häzirki depginem olaryň mundan beýlägem öndürijilikli zähmet çekip, görnükli sepgitlere ýetjekdiklerine bolan mizemez ynamy hasam pugtalandyrýar.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki zamanyň kuwwatly burawlaýyş desgalaryna, ösen tehnologiýalaryna eýe bolan zähmetsöýer hünärmenler özlerine döredip berlen nusgalyk şertlerdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
ННМ