Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik baýramçylyklaryň biri. Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur, şatlyk paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde bellenilýär. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemeklik örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Adatça, adamlar täze ýylyň gelmegini özleriniň nobatdaky etsem-goýsamlary üçin başlangyç hasap edýärler. Täze ýylda öz öňlerinde has köp zähmet çekmek, öňküden köp üstünlikleri gazanmak, dürli zyýanly endiklerden saplanmak ýaly maksatlary goýýarlar.
Täze ýyl baýramçylygy, adatça, maşgala bolup bellenýär. Maşgalanyň agzybirligi hem-de bagty üçin arzuwlar aýdylýar. Täze ýylda uly şowlulyk getirýänligine ynanylýan yrymlar hem bardyr. Käbir medeniýetlerde geljek ýylyň nähili boljagy täze ýylda öýe ilkinji gelen myhmana bagly diýlip ynanylýar. Uzyn boýly, goýy reňkli saçly erkek adam öýe gelse, şol ýyl işiň şowuna bolýar diýlip hasap edilýär. Başga bir halkyň wekilleri bolsa, halka şekilindäki ir-iýmişleriň bagt getirjegine ynanýarlar. Baýramçylykda halka şekilli iýmitlerden goýýarlar, ýagny olaryň däbi boýunça halka öwrülişigi aňladýar.
“Hijri täze ýyly” yslam medeniýetinde yslam täze ýyly hökmünde giňden tanalyp, ol täze musulman senenamasynyň ilkinji güni hökmünde baýram edilýär. Musulman senenamasynyň Aý senenamasydygy sebäpli, Täze ýyl ýyldan-ýyla geçiş baýramy hökmünde bellenilýär. Ýylyň ilkinji güni musulman senenamasynyň ilkinji aýy bolan Muharram aýynyň ilkinji günüdir. Bilşimiz ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda, biziň Türkmenistan döwletimizde hem Täze ýyl baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda bellenilip geçilýär.
GYLYJOWA MAÝA
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby